Jemi Noýabr Surata seredip sözlem düzüň, ýazan sözleriňizde haýsy dymyk çekimsizleriň nähili açyk sese öwrülendigini aýdyp beriň.

Презентация:



Advertisements
Похожие презентации
Транксрипт:

3

Jemi Noýabr

Surata seredip sözlem düzüň, ýazan sözleriňizde haýsy dymyk çekimsizleriň nähili açyk sese öwrülendigini aýdyp beriň.

Suratlaryň atlaryna y,i çekimlileriň degişlisini goşalyň. Sygyr- sygry Köwüş-köwşi Maňyz-maňzyÇebiş-çebşi Ýatda saklaň ! 1.Iki bogunly söz bolmaly. 5.Ikinji bognunda y,i,u,ü çekimlileri bolmaly. 3. Birinji bogun açyk bolmaly. 2.Soňy l,n,r,s,ş,z sesleri bilen gutarmaly. 4. Çekimli bilen başlanýan goşulma goşulmaly. 6.Y,i,u,ü çekimlileri düşüp galmaly.

Di le gel di bi le gel di Bogunlary ýerli- ýerinde goýup nakyly okaň we işligi tapyň. Dile – bile Berekella! geldigeldi.

At çalyşmalary. B.d men sen ol biz siz olar E.d meniň seniň onuň biziň siziň olaryň Ý.d maňa saňa oňa bize size olara Ýe.d meni seni ony bizi sizi olary W.-o.d. mende sende onda bizde sizde olarda Ç.d menden senden ondan bizden sizden olardan

- dy, -di goşulyp, bolup geçen hereketi aňladýan işlikler öten zaman işligidir. Bulardan –dy yogyn çekimlili, - di inçe çekimlili işliklere goşulýar. Öten zaman işligi näme etdi? näme etdiler? diýen soraglara jogap bolýarlar. - dy, -di goşulyp, bolup geçen hereketi aňladýan işlikler öten zaman işligidir. Bulardan –dy yogyn çekimlili, - di inçe çekimlili işliklere goşulýar. Öten zaman işligi näme etdi? näme etdiler? diýen soraglara jogap bolýarlar.

Öten zaman işliginiň ýokluk şekili. Öten zaman işliginiň yokluk şekili –dy, -di goşulmasynyň öňünden –ma, -me getirilip ýasalýar.Bulardan –ma ýogyn çekimlili, -me inçe çekimlili işliklere goşulýar. Meselem: geldi-gelmedi, bardy-barmady. Öten zaman işliginiň yokluk şekili –dy, -di goşulmasynyň öňünden –ma, -me getirilip ýasalýar.Bulardan –ma ýogyn çekimlili, -me inçe çekimlili işliklere goşulýar. Meselem: geldi-gelmedi, bardy-barmady.

Öten zaman işliginiň ýöňkeme bilen üýtgeýşi. Ýöňkemeler Goşulmalar Mysallar Birligi: Barlygy Ýoklugy 1. -m aldy-m almady-m 2. -ň aldy-ň almady-ň aldy almady Köplügi: 1. -k aldy-k almady-k 2. -ňyz, -ňiz aldy-ňyz almady-ňyz 3. -lar, -ler aldy-lar almady-lar

-ýar, - ýär goşulmalary goşulyp, şu wagt bolup duran hereketi aňladýan işlikler häzirki zaman işlikleridir. Häzirki zaman işligi näme edýär? näme edýärler? diýen soraglara jogap bolýar. Bulardan –ýar ýogyn çekimlili, -ýär inçe çekimlili işliklere goşulýar. Meselem: oka –okaýar, okaýarlar, bil –bilýär, bilýärler -ýar, - ýär goşulmalary goşulyp, şu wagt bolup duran hereketi aňladýan işlikler häzirki zaman işlikleridir. Häzirki zaman işligi näme edýär? näme edýärler? diýen soraglara jogap bolýar. Bulardan –ýar ýogyn çekimlili, -ýär inçe çekimlili işliklere goşulýar. Meselem: oka –okaýar, okaýarlar, bil –bilýär, bilýärler

K,t sesleri bilen gutarýan köp bogunly we käbir bir bogunly işliklere -ýar, -ýär goşulmalary goşulanda k, t sesleri g, d seslerine öwrülýär. Meselem : okat –okadýar, et-edýär.

Häzirki zaman işliginiň ýöňkeme bilen üýtgeýşi. Ýöňkemeler Goşulmalar Mysallar Birligi: Barlygy : Ýoklugy: 1. -yň, -iň okaýar -yn okamaýar-yn 2. -syň, -siň okaýar-syň okamaýar-syň 3. okaýar okamaýar Köplügi: 1. -ys, -is okaýar-ys okamaýar -ys 2. -syňyz, -siňiz okaýar-syňyz okamaýar-syňyz okaýar okamaýar Ýöňkemeler Goşulmalar Mysallar Birligi: Barlygy : Ýoklugy: 1. -yň, -iň okaýar -yn okamaýar-yn 2. -syň, -siň okaýar-syň okamaýar-syň 3. okaýar okamaýar Köplügi: 1. -ys, -is okaýar-ys okamaýar -ys 2. -syňyz, -siňiz okaýar-syňyz okamaýar-syňyz okaýar okamaýar

-yň, -syň, -ys, -syňyz, ýogyn çekimlili, -in, - siň, -is, -siňiz inçe çekimlili işliklere goşulýar. Meselem: alýar- yn, alýar-syň, alýar –ys, alýar-syňyz. Gelýär-in, gelýär-siň, gelýär-is, gelýär –siňiz.

Geljek zaman işligi. Geljek zaman işligi geljekde bolmaly hereketi aňladýar we iki hili bolýar: 1.Mälim geljek zaman işligi. 2.Nämälim geljek zaman işligi. - jak, -jek, -ar,- er goşulmalary geljek zaman işliginiň goşulmalarydyr. Geljek zaman işligi näme etjek?, näme etjekler?, näme eder?, näme ederler? diýen soraglara jogap bolýarlar. Geljek zaman işligi geljekde bolmaly hereketi aňladýar we iki hili bolýar: 1.Mälim geljek zaman işligi. 2.Nämälim geljek zaman işligi. - jak, -jek, -ar,- er goşulmalary geljek zaman işliginiň goşulmalarydyr. Geljek zaman işligi näme etjek?, näme etjekler?, näme eder?, näme ederler? diýen soraglara jogap bolýarlar.

Gutarnykly oý-pikiri aňladýan özara baglanyşykly sözlere sözlem diýilýär.Sözlemiň yzyndan belli bir dyngy belgi goýulýar. Bir zady habar bermegi aňladýan sözlemde nokat goýulýar. (. ) Bir zady soramagy aňladýan sözlemde sorag belgisi goýulýar.( ? ) Birine ýüzlenmegi aňladýan sözlemde ýüzlenme belgisi goyulýar.( ! ) Gutarnykly oý-pikiri aňladýan özara baglanyşykly sözlere sözlem diýilýär.Sözlemiň yzyndan belli bir dyngy belgi goýulýar. Bir zady habar bermegi aňladýan sözlemde nokat goýulýar. (. ) Bir zady soramagy aňladýan sözlemde sorag belgisi goýulýar.( ? ) Birine ýüzlenmegi aňladýan sözlemde ýüzlenme belgisi goyulýar.( ! )

Eýe bilen habar sözlemiň baş agzalarydyr. Eýe kim?, näme?, kimler?,nämeler? diýen soraglara jogap bolýarlar. Meselem:Aşyr gazet okaýar. Habar näme etdi?, näme edýär?, näme etjek?, näme eder?, näme etdiler?, näme edýärler?, näme etjekler?, näme ederler? diýen soraglara jogap bolýarlar. Meselem: Durdy işe barýar. Olar saz diňleýärler. Eýe bilen habar sözlemiň baş agzalarydyr. Eýe kim?, näme?, kimler?,nämeler? diýen soraglara jogap bolýarlar. Meselem:Aşyr gazet okaýar. Habar näme etdi?, näme edýär?, näme etjek?, näme eder?, näme etdiler?, näme edýärler?, näme etjekler?, näme ederler? diýen soraglara jogap bolýarlar. Meselem: Durdy işe barýar. Olar saz diňleýärler.

Habara baglanýan aýyklaýjylar kime?, nämä?, nirä?, kimi?, nämäni?, niräni?, kimde?, nämede?, nirede?, kimden?, nämeden?, nireden?, haçan?, nähili? ýaly soraglara jogap bolýarlar. Meselem: Ata mekdebe gitdi (nirä gitdi?). Men düýn geldim (haçan geldiň?). Maşyn şähere ugraýar(nirä ugraýar?). Habara baglanýan aýyklaýjylar kime?, nämä?, nirä?, kimi?, nämäni?, niräni?, kimde?, nämede?, nirede?, kimden?, nämeden?, nireden?, haçan?, nähili? ýaly soraglara jogap bolýarlar. Meselem: Ata mekdebe gitdi (nirä gitdi?). Men düýn geldim (haçan geldiň?). Maşyn şähere ugraýar(nirä ugraýar?).

Barysy bir soraga jogap bolup, bir agza baglanýan sözlere deňdeş agzalar diýilýär. Deňdeş agzalaryň arasynda otur goýulýar. Meselem: Aman, Meret, Oguljahan üçünji synpda okaýarlar. Meret okaýar, ýazýar. Barysy bir soraga jogap bolup, bir agza baglanýan sözlere deňdeş agzalar diýilýär. Deňdeş agzalaryň arasynda otur goýulýar. Meselem: Aman, Meret, Oguljahan üçünji synpda okaýarlar. Meret okaýar, ýazýar.

Ýönekeý we goşma sözlemler Bir eýesi we bir habary bolan sözleme ýönekeý sözlem diýilýär. Meselem: Aman mekdebe gitdi. Durdy işden geldi. Birden artyk ýönekeý sözlemlerden ybarat bolan sözleme goşma sözlem diýilýär. Meselem: Gök gürledi we ýagyş ýagdy. Men öýe geldim, jigim okuwa gitdi.